Türkmenistanyň halky dabaraly ýagdaýda ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny baýram edýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny gutlady.
“Sizi gözel Diýarymyzda giňden we dabaraly bellenilýän milli baýram – Türkmenistanyň Garaşsylyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň gazanýan ähli üstünliklerimiz, ýeňişlerimiz, berkararlygymyz hem-de bagtyýarlygymyz öz gözbaşyny milli buýsanjymyz bolan Garaşsyzlygymyzdan alyp gaýdýar. Şoňa görä-de, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlanan ajaýyp baýramçylyk çäreleriniň, göwün galkynydyryjy wakalaryň eziz Watanymyza bolan söýgimizi, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi has-da berkitjekdigine ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany belledi.
Baýramçylyk mynasybetli anna güni irden Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Hökümetiň, parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Bu wakadan soň, Aşgabatdaky Döwlet münberiniň öňünde dabaraly ýöriş başlandy.