Türkmenistan Gruziýada “BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk güni” forumyna gatnaşýar

BT
Türkmenistan Gruziýada “BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk güni” forumyna gatnaşýar
Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze «BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk gününde» çykyş edýär, 2024-nji ýylyň 27-nji sentýabry, Gruziýa

2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Gruziýada “BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk güni” atly halkara forumy açyldy. Bu barada Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy habar berýär.

Çärä 50-den gowrak ýurduň wekilleri, şol sanda ministrler, syýahatçylyk ulgamynyň bilermenleri we halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Oňa Türkmenistandan Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Syýahatçylygyň parahatçylyk bilen arabaglanyşygy maslahatyň esasy mazmuny boldy we “Syýahatçylyk we parahatçylyk” diýlip atlandyryldy. Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze we BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili gutlag sözleri bilen çykyş edip, halklaryň arasynda özara düşünişmäge ýardam edýän möhüm şert hökmünde syýahatçylygyň möhüm orny eýeleýändigini bellediler.

Çäreleriň çäklerinde dürli ugurda ara alyp maslahatlaşmalar geçirilýär. Olarda syýahatçylyk ulgamynda ählumumy meýiller we bu ugurda ýüzbe-ýüz bolunýan wehimler maslahatlaşylar. Halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda, parahatçylygy we medeniýetleriň arasyndaky dialogy goldamakda syýahatçylygyň tutýan ornuna aýratyn üns çekiler.

Bütindünýä syýahatçylyk güni 1979-njy ýylda esalandyrylyp, şondan bäri geçirilip gelinýän forum bu ulgamy durnukly ösdürmek bilen bagly meseleleri we ählumumy hereketlere ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

2022