Abu-Dabide Türkmenistanyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri boýunça forum geçirer

BT
Abu-Dabide Türkmenistanyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri boýunça forum geçirer
“Türkmenistan – maýa goýumlar we ösüş” atly halkara forumy, 2023-nji ýylyň 22-23-nji noýabry, London, Beýik Britaniýa (Surat: “Mir” döwletara teleradiokompaniýasy)

2024-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçiliklerine bagyşlanan halkara forum geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Meşhur “Grand Hyatt Abu Dhabi Emirates Pearl” myhmanhanasynda geçiriljek çäre hökümet we işewürlik toparlarynyň ýokary derejeli wekillerini bir ýere jemlär.

Forumyň esasy maksady Türkmenistanda işleýän kompaniýalaryň gazananlaryny görkezmek we ýurtdaky mümkinçilikleri öwrenmäge gyzyklanma bildirýän täze işewür düzümleri çekmek üçin amatly meýdança döretmekden ybaratdyr. Foruma gatnaşyjylar döwlet, şeýle hem hususy düzümleriň wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýup bilerler. 

Foruma gatnaşjakdyklaryny eýýäm tassyklan kompaniýalaryň hatarynda “BP”, “Auguste Energy”, “Buried Hill”, “Mitro” we “Çalik Enerjy” ýaly iri kompaniýalar tapawutlanýar. Forum “ADIPEC” sergisiniň tamamlanmagynyň yzýany geçiriler. Munuň özi Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda hyzmatdaşlyk mümkiniçlikleri boýunça pikir alyşmak we maslahatlaşmak üçin goşmaça mümkinçilik döreder.

Guramaçylar gyzyklanma bildirýän taraplary bu çärä gatnaşmaga çagyrmak bilen, olaryň Türkmenistandaky täze işewürlik mümkinçilikleri barada gymmatly maglumatlary alyp biljekdiklerini aýdýarlar.

2022