Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça sergi geçiriler

BT
Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça sergi geçiriler
“Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi, 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

2024-nji ýylyň 9 – 12-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Söwda-senagat edarasynyň guramagynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi geçiriler. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde sişenbe güni habar berildi.

Lukmançylyk enjamlarynyň, tehnologiýalarynyň önümçiligine we saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatlara ýöriteleşen kompaniýalar sergide öz gazananlaryny görkezmäge mümkinçilik alarlar. Dünýäniň öňdebaryjy kopaniýalary bilim we sport ulgamynda iň täze çözgütlerini tanyşdyrarlar. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary öňdebaryjy işläp taýýarlamalar hem-de innowasiýalar bilen tanşyp bilerler.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara kompaniýalaryň wekilleri, işewürler hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary sergä esasy gatnaşýanlar bolar.

Çäräniň guramaçylyk topary pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini we bilermenlerini, telekeçileri hem-de daşary ýurtlaryň wekillerini sergä gatnaşmaga, degişli ulgamlarda öňdebaryjy gazanylanlary öwrenmäge çagyrýar.

2022