Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin sapar bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýneni kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ÝB-niň komissary Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ygtybarly ulag köprüsi hökmünde Türkmenistanyň ornuny aýratyn nygtady.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Serdar Berdimuhamedow syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellemek bilen, “Merkezi Aziýa – ÝB” görnüşdäki hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.
Taraplar Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlary we halkara guramalary bilen bilelikde ösdürýän Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu ugurlaryň Ýewraziýa yklymynda ykdysady gatnaşyklary berkitjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, geljekde hem hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilmegine ynam bildirdiler.