Türkmenistan, ÝB Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasynyň işe girizilmegine garadylar

BT
Türkmenistan, ÝB Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasynyň işe girizilmegine garadylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 3-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýnen bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar ulag ministrleri derejesinde Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek meselelerine garadylar hem-de Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler GIZ-iň “Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegine garşy hereketler” atly maksatnamasynyň ähmiýetini bellediler. Bu taslama Merkezi Aziýada suw, energiýa we howanyň üýtgemegi boýunça “Team Europe” başlangyjynyň bir bölegi bolmak bilen, ÝB-niň ülňülerini, öňdebaryjy halkara tejribesini ulanmak arkaly ýaşyl durnukly ösüş babatynda Türkmenistanyň tagallalaryna goldaw bermäge gönükdirilendir.

Mundan başga-da, sanly aragatnaşyk we suw serişdelerini dolandyrmak pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. ÝB-niň komissary sanly bileleşme ugrunda «Team Europe» maksatnamasynyň täsirliligine ýokary baha berdi we bu babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda söwda, bilim we saglygy goraýyş, energetika ýaly dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän ikitaraplaýyn we sebitleýin maksatnamalar barada hem pikir alşyldy.

2022