Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanda öndürilýän önümleriň möçberi 11,7 göterim artdy

BT
Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanda öndürilýän önümleriň möçberi 11,7 göterim artdy
Türkmenistanda şöhlat önümleriniň önümçiligi

Öndürilýän önümleriň möçberi geçen 2023-nji ýylyň degişli döwründäkiden 11,7 göterim artdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady we maliýe meseleler boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, H.Geldimyradow şu ýylyň dokuz aýynda durnukly ykdysady ösüşiň gazanylandygyny nygtady. Jemi içerki önüm 5,3 göterim artyp, esasy pudaklarda – senagatda 3,5 göterim, gurluşykda 9,3 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 6,8 göterim, söwdada 9 göterim, oba hojalygynda 5,2 göterim, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterim ösüş gazanyldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň üç çärýeginde bölek satuw haryt dolanyşygy 11,2 göterim köpeldi, daşary söwda dolanyşygy hem oňyn görkezijilere eýe boldy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,4 göterim, çykdajy bölegi 97,7 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky10,5 göterim ýokarlanyp, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 16,6 göterim artdy. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň”, şeýle hem geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamalaryny seljermegiň möhümdigini nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi.

Nobatdaky Hökümet mejlisinde şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

2022