Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Moskwa bardy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Moskwa bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow (Surat: president.uz)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilýän mejlisine gatnaşmak üçin duşanbe güni iki günlük iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna bardy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Moskwa çenli uçuşy amala aşyryp, “Wnukowo-2” howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow howa menzilinden sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhanasyna tarap ugrady.

GDA döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň dowamynda liderler Arkalaşyk çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşarlar, geljekki iş ugurlaryny kesgitlärler we sebit hem-de halkara ähmiýetli meselelere serederler.

2022