Mongoliýanayň Prezidenti Uhnaagiýn Hurselsuh, Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow we Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari penşenbe güni Türkmenistana iş sapary bilen geldiler.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, döwlet Baştutanlary beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.
Aşgabadyň Halkara howa menzilinde myhmanlary resmi adamlar garşyladylar.
Forumyň dowamynda dürli ulgamlarda, şol sanda ykdysadyýet, medeniýet we howpsuzlyk ugurlarynda hyzmatdaşlygyň esasy meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Çärä şeýle hem Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Liderleri çagyryldy.