Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri Emomali Rahmon hem-de Sadyr Žaparow türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen geldiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Bu möhüm wakanyň hormatyna Aşgabadyň Halkara howa menzili dostlukly ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezeldi. Resmi adamlar döwlet Baştutanlaryny mähirli garşyladylar.
Saparyň dowamynda geçirilmegi göz öňünde tutulan gepleşiklerde ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri we özara gyzyklanma döredýän dürli ulgamlarda hyzmataşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Ozal habar berlişi ýaly, Russiýanyň, Ermenistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň Prezidentleri we Tatarystanyň Baştutany Türkmenistana sapar bilen geldiler.