Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi

BT
Aşgabatda türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi
Türkmen-mongol işewürlik maslahaty, 2024-nji ýyly 12-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Şenbe güni Aşgabat şäherinde Türkmen-mongol işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň maksady işewürlik gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, söwda, ykdysady, saglygy goraýyş, ulag, logistika, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagat ulgamlarynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Maslahat iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerini, hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. 

Obasenagat toplumyny ösdürmek maslahatlaşmalaryň esasy ugurlarynyň biri boldy. Türkmenistanyň wekilleri bu pudakdaky ähmiýetli özgertmeler, şol sanda onuň döwrebaplaşdyrylýandygy we täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygy barada bellediler. 

Çärä gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegine garap, hususy kompaniýalaryň arasynda tejribeleri alyşmaga we göni gatnaşyklary ýola goýmaga aýratyn üns berdiler. Mongoliýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanyň daşary ýurtly maýadarlar üçin amatly şertleri üpjün edýän ygtybarly kanunçylyk binýadynyň möhüm ähmiýetini nygtadylar. 

Taraplar maslahatyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler. 

Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan we Mongoliýa birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022