Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 15-nji oktýabry, Yslamabat şäheri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Yslamabat şäherinde Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Gepleşiklerde türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryna, şol sanda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlara garaldy. Taraplar bu ulgamlarda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisi we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy ýaly iri halkara taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Taraplar bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin gerek bolan resminamalary tiz wagtda taýýarlamagyň zerurdygyny tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda ulag-logistika ulgamynda bilelikdäki işleriň ähmiýeti bellenildi. Häzirki wagtda bu ulgamda türkmen tarapy iri pakistan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Şolaryň hatarynda “National Logistics Corporation” (NLC) kompaniýasyna aýratyn orun degişlidir. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýa we Hazar sebitine çykalgasy bolan Hytaý-Pakistan-Owganystan-Türkmenistan ugry boýunça ýük daşamalaryň möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, Raşid Meredow we Şahbaz Şarif özara gyzyklanma döredýän hyzmatdaşlygyň başga-da birnäçe ugurlaryny maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýeti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Pakistanda saparda bolýar.

2022