“Prodkorporasiýa” Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana bugdaý iberilişini artdyrmagy meýilleşdirýär

BT
“Prodkorporasiýa” Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana bugdaý iberilişini artdyrmagy meýilleşdirýär
Bugdaý iberilişi (Surat: rail-news.kz)

Gazagystanyň “Prodkorporasiýa” döwlet kompaniýasy Türkmenistanyň üstünden geçýän üstaşyr ugurlardan peýdalanmak arkaly Owganystanyň günbatar sebitlerine bugdaý iberilişiniň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar bermegine görä, Gazagystanyň bugdaý eksport etmek mümkinçilikleri 12 million tonna barabardyr. “Prodkorporasiýa” Owganystana bugdaý ibermek boýunça ilkinji şertnamany oktýabr aýynyň ahyrynda Almaty şäherinde geçiriljek Gazagystan-Owganystan forumynda baglaşmagy göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda geleşikleriň şertleri we bahalary kesgitlemek boýunça gepleşikler alnyp barylýar.

Eksport işini çaltlandyrmak we täze bazarlary özleşdirmek üçin kompaniýa ýol-ulag çykdajylaryna bölekleýin maliýe ýardamyny etmegi teklip edýär.

Häzirki wagtda gazak bugdaýyny Müsüre ibermek, onuň Owganystana iberilýän möçberlerini artdyrmak we Eýrana mekgejöwen eksport etmek meseleleri maslahatlaşylýar.

1995-nji ýylda esaslandyrylan “Prodkorporasiýa” Gazagystanyň bugdaý bazarynda döwlet operatory hökmünde ätiýaçlyk bugdaý gorlaryny saklaýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022