Türkmenistan Yraga günde 20 million kubmetr gaz iberer

BT
Türkmenistan Yraga günde 20 million kubmetr gaz iberer
Türkmenistan bilen Yragyň arasynda günde 20 million kubmetr gaz ibermek hakynda ylalaşyga gol çekilişi, 2024-nji ýylyň 20-nji oktýabry, Bagdad, Yrak

Türkmenistan bilen Yrak günde 20 million kubometr tebigy gazy ibermek hakynda ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Yragyň energetika ministri Ziad Ali Fadel mälim etdi. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar bermegine görä, Ziad Fadel iberiljek tebigy gazyň Yragyň gaz elektrik stansiýalarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek bilen ýurduň elektroenergetika düzümlerini düýpli gowulandyrjakdygyny nygtady. 

Tebigy gaz “Loxstone Energy” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda turbageçiriji ulgamlar arkaly Eýranyň üstünden geçiriler. Ziad Fadel iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda tehniki işler babatda geçirilen gepleşikleriň, şol sanda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň netijesinde ylalaşyga gol çekilendigini belledi. 

Bagdad şäherine bolan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň döwlet ministri Maksat Babaýew Yragyň nebit ministri Haýan Abdul Gani bilen hem duşuşdy. Taraplar nebit we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. 

2022