Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri 2024-nji ýylyň 14 – 18-nji oktyabrynda Nýu-Deli şäherinde geçirilen Derman serişdelerini dolandyryjylaryň 19-njy halkara maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Bu çäre Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) goldamagynda Hindistanyň Derman standartlaryna gözegçilik boýunça merkezi guramasy hem-de ýurduň Saglygy goraýyş we maşgala abadançylygy ministrligi tarapyndan guraldy.
Şu ýyl bu maslahata gatnaşyjylar “Akylly-başly dolandyrmak: hemmeler üçin lukmançylyk önümleriniň kepillendirilen hilini üpjün etmek” atly mowzugy ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen wekiliýeti BSGG-niň hyzmatdaşlarynyň derman serişdelerine gözegçilik edaralarynyň meseleleri boýunça maslahatyna hem gatnaşdy.
1980-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Derman serişdelerini dolandyryjylaryň halkara maslahaty tejribe alyşmak we derman serişdeleri dolandyrmakda bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamk üçin möhüm meýdança bolup durýar.