Gazagystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmak boýunça gepleşikleri geçirýär

BT
Gazagystan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmak boýunça gepleşikleri geçirýär
Gazagystanyň energetika ministriniň orunbasary Ýerlan Akkenžanow “Gazagystan-Owganystan” işewürlik maslahatynda, 2024-nji ýylyň 22-nji oktýabry, Almaty, Gazagystan (Surat: primeminister.kz)

Gazagystan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmak mümkinçiligini maslahatlaşýar. 

“Interfax-Kazakhstan” neşiriniň sişenbe güni habar bermegine görä, bu barada ýurduň energetika ministriniň orunbasary Ýerlan Akkenžanow Almaty şäherinde geçirilen “Gazagystan-Owganystan” işewürlik maslahatynda mälim etdi. 

“Biz uglewodorod serişdelerini eksport etmek we üstaşyr geçirmek üçin ulag mümkinçiliklerini ösdürmäge gyzyklanma bildirýäris, TOPH bu babatda şeýle taslamalaryň aýdyň mysalydyr” diýip, Ý.Akkenžanow aýtdy. 

Habarda bellenişine görä, häzirki wagtda Gazagystanyň bu taslamanyň gurluşygyna gatnaşmak mümkinçiligi babatda türkmen tarapy bilen gepleşikler alnyp barylýar. 

Golaýda Aşgabatda, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana saparynyň çäklerinde “QazaqGaz” milli kompaniýasy “Türkmengaz” döwlet konserni bilen gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi.

2022