Türkmenistan bilen Türkiýe sürüjiler üçin wiza ýygymlary azaltmagy maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan bilen Türkiýe sürüjiler üçin wiza ýygymlary azaltmagy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň UND-niň wekiliýeti bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 22-nji oktýabry, Türkiýe (Surat: Lojiyol)

Türkiýäniň Halkara awtomobil ýük daşaýjylar birleşigi (UND) bilen “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň çäklerinde, Türkmenistan we Türkiýe sürüjiler üçin wiza ýygymlaryny azaltmagy maslahatlaşdylar. 

Ulag düzüminiň “Lojiyol” habarlar portalynyň sişenbe güni habar bermegine görä, bu meselä Halkara ýolçular federasiýasynyň (IRF) 15 – 18-nji oktýabrda Türkiýede geçen Bütindünýä kongresiniň çäklerinde  Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň Türkiýäniň Halkara awtomobil ýük daşaýjylar birleşiginiň (UND) wekiliýeti bilen bolan duşuşygynyň dowamynda garaldy. 

Ýokary derejeli türkmen we türk wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Hytaýy Ýewropa bilen özara baglanyşdyrýan Orta geçelge boýunça halkara ýük daşamalara Türkmenistanyň işjeň gatnaşmak meseleleri maslahatlaşyldy. 

M.Çakyýew 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanyň deňiz flotuna “Ro-Pax” kysymly täze iki gäminiň goşuljakdygyny aýtdy. Munuň özi Hazar deňzi arkaly ýük daşamak mümkinçiliklerini artdyrar. 

Mundan başga-da, geňeşmeleriň dowamynda gümrük resminamalary babatda bilelikdäki çäreler, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna saparlary guramak, türki döwletleriň arasynda 2024-nji ýylda elektron geçiriş resminamalaryny ornaşdyrmak hakynda ylalaşyklar gazanyldy.

2022