Türkmenistan amatly maýa goýum gurşawyny döretmekde işjeň iş alyp barýar

BT
Türkmenistan amatly maýa goýum gurşawyny döretmekde işjeň iş alyp barýar
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly 29-njy halkara maslahaty (OGT-2024), 2024-nji ýylyň 23-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Hökümeti gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we uglerod neýtrallygy ulgamynda täze taslamalaryň ösdürilmegini şertlendirjek amatly maýa goýum gurşawyny we hukuk binýadyny döretmegiň ugrunda işjeň iş alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Mämmetguly Astanagulow çarşenbe güni Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahatyndaky çykyşynda belledi. 
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary uglewodorod serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika taslamalaryna gyzyklanma bildirýän maýadarlar üçin amatly mümkinçilikleri hödürleýändigini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

M.Astanagulow häzirki zaman dünýäsiniň energetika ugurlarynyň çeýeligi we innowasiýalary talap edýändigini, ýurduň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyna ýardam edýän halkara hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy tehnologiýalary we durnukly çözgütleri ornaşdyrmakda esas bolup durýandygyny belledi. 

“OGT 2024” maslahaty 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabryna çenli dowam eder. Çäräniň maksatnamasy energetika geçişi, eksport ugurlaryny ösdürmek we uglewodorodlary gazyp almagyň ekologiýa ugurlary ýaly dünýäniň nebitgaz pudagynyň möhüm meselelerini içine alýan giň mazmunly mejlisleri özünde jemleýär. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022