“Türkmennebit” sementleýji agregaty ornaşdyrmak üçin Emirlikleriň kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

BT
“Türkmennebit” sementleýji agregaty ornaşdyrmak üçin Emirlikleriň kompaniýasy bilen şertnama baglaşar
"Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024" atly halkara maslahatynyň umumy mejlisi, 2024-nji ýylyň 25-27-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

“Türkmennebit” döwlet konsernine guýularda sementleme we berkitme, düýpli abatlama işlerinde ulanmak üçin niýetlenen awtoulagda oturdylan degişli möçberdäki sementleýji agregaty ornaşdyrmak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) “MBF Group DWС-LLС” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky degişli Karara anna güni Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde gol çekdi.

Bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany hödürlenen Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowa iberdi hem-de resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Nebiti we gazy gazyp almagy, maşyngurluşygy hem-de himiýa senagatyny öz içine alýan pudaklarda innowasion çözgütleri hödürlemäge ýöriteleşen “MBF Group DWC-LLC” kompaniýasy “Türkmennebit”, “Türkmengeologiýa”, “Türkmengaz”, “Zeppelin”, “Aztrading Service” we “Neftemaş” ýaly iri düzümleriň hyzmatdaşy bolup durýar.

2022