Türkmenistanda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli maslahat geçiriler

BT
Türkmenistanda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli maslahat geçiriler
Türkmen manadynyň dolanşykdaky banknotlary

Türkmenistanda milli puluň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli “Türkmen manady — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşany” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, degişli çärä taýýarlyk görlüşi barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady we maliýe meseleleri boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Çärä gatnaşyjylar milli manadyň dolanyşyga girizilmegi netijesinde Türkmenistanyň gazanan ykdysady üstünliklerini, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly döwrebap bank hyzmatlaryny hödürlemek, elektron tölegler ulgamyny kämilleşdirmek, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşykly meseleleri maslahatlaşarlar.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň guraýan maslahatyna ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş we bank edaralarynyň, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli çärä gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022