Belarusuň “Belavia” awiakompaniýasy Minsk bilen Türkmenbaşy şäherleriniň arasyndaky uçuşlaryň ýygylygyny artdyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi sişenbe güni habar berdi.
23-nji noýabrdan başlap, uçarlar degişli ugur boýunça hepdede iki gezek, ýagny sişenbe we şenbe günleri uçuşlary ýerine ýetirerler.
Uçuş tertibine laýyklykda, şenbe gününiň gatnawlarynda uçar Minsk şäherinden sagat 9:30-da uçar we Türkmenbaşy şäherine ýerli wagt bilen sagat 15:35-de gonar.
Sişenbe gününiň gatnawlarynda uçar Minsk şäherinden sagat 22:45-de uçar we Türkmenbaşy şäherine ertesi gün sagat 04:50-de gonar.
Uçuşlar “Embraer-195” uçarlarynda amala aşyrylar, uçuşyň dowamlylygy bolsa 4 sagat 5 minuta barabardyr.