RF Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasynda howa gatnawyny açmaga gyzyklanma bildirýär

BT
RF Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasynda howa gatnawyny açmaga gyzyklanma bildirýär
Uçar uçuş-gonuş meýdançasyndan asmana galýar (Surat: iStock/Sitikka)

Russiýanyň kompaniýalary Astrahan bilen Türkmenbaşy şäherleriniň arasynda göni howa gatnawyny açmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada Russiýanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaç Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisinden soň mälim etdi. Bu barada “TASS” habarlar agentligi penşenbe güni habar berdi.

Kompaniýalar şeýle hem elektron söwda we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de Hazarýaka ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň deňiz portlaryna barmagy göz öňünde tutýan Hazar deňzi boýunça gämili gezelençleri guramak mümkinçiliklerini öwrenýärler.

“2024-nji ýylyň sekiz aýynda Türkmenistan bilen Russiýanyň özara söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwründäkiden 47,9% ýokarlandy. Russiýanyň eksporty oba hojalyk we metal önümleriň hasabyna ýokarlanan bolsa, Türkmenistanyň eksporty dokma, azyk harytlaryň hem-de oba hojalygyna degişli çig malyň iberilmegi netijesinde ösdi” diýip, D.Wolwaç aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Russiýa Türkmenistana şeýle hem ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ýokary ösüş depginini goldamak üçin GDA-nyň çäklerinde salgytsyz söwda hyzmatlary hakynda ylalaşyga goşulmagy teklip etdi.

Ozal habar berlişi ýaly, Astrahan oblastynyň hökümeti “Lotos” aýratyn ykdysady port zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini ýerleşdirmek üçin 20 gektar ýer bölegini taýýarlady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022