Türkmenistan milli pul birligi – manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygyny belleýär.
Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli pul birliginiň – türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy bilen ýurduň raýatlaryny we bank ulgamynyň işgärlerini gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
“Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gutlagynda bellenilýär.
Mundan başga-da, milli puluň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda “Türkmen manady – ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşany” atly ylmy-amaly maslahat geçirilýär.
Türkmenistanda milli pul birligi – manat 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda bolsa manatyň denominirlenen teňňeleri we banknotlary dolanyşyga goýberildi.