Türkmenistan bilen Germaniýa sişenbe güni Berlin şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 10-njy mejlisini geçirdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Mejlis iki bölümde geçirilip, oňa gatnaşyjylar birinji bölümde Türkmenistanyň we Germaniýanyň ykdysady mümkinçiliklerini, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny maslahatlaşdylar.
Ikinji bölümde Germaniýanyň işewür düzümleriniň we birleşikleriniň wekilleri maýa goýum, maliýe-bank işi, energetika, nebitgaz, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, daşky gurşawy goramak, suw we oba hojalygy, lukmançylyk, ulag-logistika, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamak ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň anyk meselelerine garadylar.
Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada hem özara pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň “Ýol kartasynyň” durmuşa geçirilişiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Berlin şäherinde türkmen-german işewürlik maslahaty geçirilipdi.