“Daewoo E&C” Türkmenistanda işlerini giňeltmek mümkinçiliklerini öwrener

BT
“Daewoo E&C” Türkmenistanda işlerini giňeltmek mümkinçiliklerini öwrener
“Daewoo” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Won Çžu (ikinji çepde) we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämedow (birinji çepde), 2024-nji ýylyň 5-nji noýabry, Aşgabat. (Surat: The Korea Herald)

Gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda Günorta Koreýada iň öňdebaryjylaryň biri bolan “Daewoo Engineering & Construction” kompaniýasy Türkmenistanda öz işlerini giňeltmek mümkinçiliklerini işjeň öwrener.

3 – 5-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara maslahata (CIET 2024) gatnaşmagynyň çäklerinde “Daewoo” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Won Çžu Türkmenistanyň döwlet dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen kompaniýanyň geljekki işlerini maslahatlaşdy. Bu barada “The Korea Herald” neşiri duşenbe güni habar berdi.

Ýylda 350 müň tonna fosfat dökünlerini we 100 müň tonna ammoniý sulfatyny öndürjek Türkmenabatdaky mineral dökünler zawodynyň gurluşygy boýunça şertnamanyň baglaşylmagy möhüm ädimleriň biri boldy. Bu taslama degişli şertnama baglaşylmagynyň öňüsyrasynda, maliýeleşdirmek işi bolsa tamamlaýjy tapgyrdadyr.

Çon Won Çžu saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämedow we Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow bilen duşuşyklary geçirdi. Aşgabat şäheriniň häkimi “Daewoo” kompaniýasynyň “akylly” şäherleriň gurluşygyny ösdürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny we belent gatly desgalary gurmak ýaly birnäçe şähergurluşyk taslamalaryna gatnaşmagynyň ähmiýetlidigini belledi.

“Daewoo” kompaniýasynyň wekilleri bu taslamalaryň durmuşa geçirilişinde goldawlary bermäge taýýardyklaryny, möhüm bazar hökmünde Türkmenistanyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Kompaniýanyň wekilleriniň sözlerine görä, bu mümkinçilikler Wýetnam döwletindäki “Starlake City” ýaly üstünlikli durmuşa geçirilen taslamalar bilen birlikde, tejribeleriň täze tapgyryny döredip biler.

“Daewoo E&C” gurluşyk we inženerçilik pudagynda üstünlikli durmuşa geçirilen halkara taslamalary bilen giňden tanalýan Günorta Koreýanyň öňdebaryjy kompaniýasydyr. 2023-nji ýylyň oktýabrynda kompaniýa Türkmenistanda özüniň şahamçasyny açdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022