Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 12 – 15-nji marty aralygynda Moskwa şäherinde geçiriljek “LEGPROM SNG+” atly III Ýewraziýa ýeňil senagat sergi-kongresine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada TSTB çarşenbe güni habar berdi.
Bu çäre GDA döwletleriniň Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde “Gostinyý Dwor” sergi toplumynda guralar. Ol dokma, deri we sütükli önümler pudagynda harytlary tanyşdyrmak we işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly meýdança bolar.
Sergide gatnaşyjy ýurtlaryň milli diwarlyklary, sebitleriň we pudaklaýyn düzümleriň aýakgap, deri önümleri, lybaslary, dokma we sütükli harytlary bilen tanyşdyrýan toplumlaýyn ekspozisiýalary ýerleşdiriler. “LEGPROM SNG+” sergisi işewürlere öz öndürýän harytlaryny görkezmek, geljegi uly alyjylar we üpjün edijiler bilen gepleşikleri geçirmek hem-de çäräniň mahabat we marketing serişdelerini ulanmak üçin ajaýyp mümknçiligi hödürleýär.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we “Grand Ekspo” sergi kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde “GDA-nyň Ykdysady ösüşiniň işewürlik merkezi” birleşigi tarapyndan guralýan sergi GDA, ÝYB, ŞHG we BRIKS guramalaryna agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin transmilli meýdançany döretmäge gönükdirilendir.