Türkmenistanyň zenan telekeçileriniň işewür toparlarynyň wekilleri 12 ýurtdan 50-den gowrak zenan telekeçileriň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde geçirilen Aziýa ýurtlarynyň zenan telekeçileriniň halkara işewürlik forumyna gatnaşdy. Foruma gatnaşyjylar zenan telekeçiligini ösdürmegiň geljegi, özara tejribe alyşmak we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Özbegistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Özbegistanyň Namanagan şäherinde anna güni “Zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny we abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň arasynda telekeçilik tejribesini alyşmak” şygary bilen geçirilen foruymy Özbegistanyň Söwda-senagat edarasy, Namanagan welaýatynyň häkimligi hem-de Maşgala we zenanlar meseleleri boýunça komiteti gurady.
Foruma Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Hytaýyň, Kuweýtiň, Pakistanyň we Türkiýäniň telekeçiler birleşikleriniň, söwda-senagat edaralarynyň hem-de kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Çäräniň dowamynda zenan telekeçiligini ösdürmek, innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmak we ýurtlaryň arasynda işewür gatnaşyklary giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Forumuň netijeleri boýunça zenan telekeçileriň arasynda halkara işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk barada 12 şertnama we 8 Ähtnama gol çekildi.
Forumyň gatnaşyjylary tejribe alyşmakda we işewür hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara forumlaryň ähmiýetini belläp, şeýle duşuşyklary yzygiderli geçirmek barada ylalaşdylar.















