Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň dowamynda Kerimberdi Aýdogdyýewiç Gurbanowy Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde bellemek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mundan öň, ol Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinde işleýärdi.
Goçmollaýew Begenç Hojagulyýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşadyldy.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.