Türkmenistanyň wekiliýeti 22-nji noýabrda Türkiýäniň adybir şäherinde geçiriljek Stambul energetika forumyna gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň elektron gazetinde habar berilýär.
Türkiýäniň Energetika ministrliginiň ýardamy bilen “Anadolu” agentliginiň guraýan forumyna dünýäniň energetika pudagynyň möhüm meselelerini maslahatlaşmak üçin energetika ministrleri, halkara guramalaryň wekilleri, alymlar we pudagyň öňdebaryjylary gatnaşarlar.
“Umumy geljek – umumy maksatlar” forumyň esasy mazmuny bolar. Gatnaşyjylar energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkiýäniň eýeleýän orny, energetika geçişi maliýeleşdirmegiň strategiýalary, nebit we gaz bazarlaryny ösdürmek hem-de energetika pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly möhüm meseleler boýunça pikir alşarlar.
Forumyň ýörite bölüminde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, energetika ministri Alparslan Baýraktar we beýleki ýokary derejeli myhmanlar çykyş ederler. A.Baýraktaryň başlyklyk etmeginde panel görnüşde ýokary derejede geçiriljek maslahatlaşmalaryň çäklerinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Bolgariýanyň, Wengriýanyň, Moldowanyň, Liwiýanyň, Russiýanyň we Serbiýanyň wekilleri energetikanyň geljegini maslahat ederler.
Çäre Türkiýäniň Nebitgaz korporasiýasynyň (BOTAS) guraýan mejlisleri hem-de täze tehnologiýalara we energetika geçişi maliýeleşdirmäge bagyşlanan pikir alyşmalar bilen dowam eder.