Türkmenistan-Türkiýe: türk kompaniýalarynyň nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy maslahatlaşyldy

BT
Türkmenistan-Türkiýe: türk kompaniýalarynyň nebitgaz taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy maslahatlaşyldy
“Türkmengaz” DK-niň başlygy Maksat Babaýewiň Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktar bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 22-nji noýabry, Stambul, Türkiýe

Stambul energetika forumynyň çäklerinde şenbe güni “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Türkiýäniň energetika ministri Alparslan Baýraktar bilen duşuşdy. Onuň barşynda taraplar Türkiýäniň “BOTAS” we “TPAO” döwlet kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň nebitgaz ýataklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine garadylar.

Türkiýäniň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda nebitgaz ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen gazyny Türkiýäniň çäginiň üsti bilen Ýewropa ibermegiň goşmaça ugurlaryna aýratyn üns berdiler.

“Umumy geljek, umumy maksatlar” şygary astynda geçen forumyň çäklerindäki gepleşikler iki ýurduň arasynda yzygiderli ösdürilýän energetika hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini görkezýär.

Mundan öň, Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrligi hem-de Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrligi sişenbe güni Stambul şäherinde türkmen tebigy gazyny Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä ibermek hakynda Ylalaşyga gol çekipdiler.

 

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp:  Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

2022