“Galkynyş” gaz käninde ýokary öndürijilikli täze guýy açyldy

BT
“Galkynyş” gaz käninde ýokary öndürijilikli täze guýy açyldy
“Türkmengaz” DK-niň hünärmenleri täze gaz guýusyny işe girizýärler.

“Galkynyş” gaz käninde bir gije-gündizde 2 million kub metre çenli tebigy gaz bermäge ukyply ýokary öndürijilikli guýy ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar bermegine görä, burawlaýyş işi sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen 4,4 kilometr çuňlukda alnyp baryldy. Hünärmenlere 4417-4281 we 4266-4226 metr aralykda iki önüm beriji gatlagy özleşdirmek başartdy.

Habarda bellenilişi ýaly, ähli işler türkmen hünärmenleri, şol sanda ýaş inženerler tarapyndan ýerine ýetirildi.

Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan iň iri gaz känleriniň biri hökmünde ykrar edilen “Galkynyş” ýatagy Türkmenistanyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga we halkara energetika bazaryndaky ornuny berkitmäge gönükdirilen energetika syýasatynyň durmuşa geçirilişinde strategik orny eýeläp gelýär.

 

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

2022