Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň duşenbe güni Aşgabatda Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl bin Mohammed Al Mazruini kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi maglumat berdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygy bellenildi. Energetika we infrastruktura ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn üns berlip, degişli ugurlarda özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.
Taraplar gaýtadan dikeldilýän energetikany, bilelikdäki infrastruktura başlangyçlary ösdürmek meselelerini hem-de ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda Türkmenistanyň tagallalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BAE bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardygyny nygtady. Ministr Al Mazrui Türkmenistan bilen bilelikdäki durnukly we innowasion taslamalary durmuşa geçirmäge BAE-niň ygrarlydygyny tassyklady.
Duşuşykda bu saparyň özara gatnaşyklary berkitmek we ykdysady ösüşi hem-de hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri ýüze çykarmak babatda iki ýurduň umumy garaýşynyň bardygy bellenildi.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан