Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň geçmişine we medeniýetine bagyşlap ýazan “Hakyda göwheri” atly täze kitabyny tanyşdyrdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, täze kitap Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Rejep Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdy Aşirowyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda tanyşdyryldy.
Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilen ýylda ýazylan kitapda şahyryň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri we milli medeniýetiň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşndy barada maglumatlar berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri zähmet rugsadynda wagty döredijilik bilen meşgullanyp, Türkmenistanyň şöhratly taryhy barada köp maglumatlary toplandygyny hem-de kitabyň üstünde işländigini aýtdy.
Milli kanunçylygy kämilleşdirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryny özgertmek meseleleri hem mejlisiň gün tertibinde boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň çykyşynda häzirki döwürde ylmyň we intellektual eýeçiligiň döwlet ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sanly ykdysadyýeti kemala getirmek, elektron söwdanyň işini kämilleşdirmek, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek ýaly durmuş meselelerini çözmekde innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.
A.Aşirow ylmy we tehnologiýalary ösdürmäge hem-de ýaşlary ylmy barlaglara çekmäge gönükdirilen ylmy başlangyçlar barada hasabat berdi. Rejep Bazarow öz gezeginde, ýokary häkimiýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek we ýurduň kanunçylyk ulgamy bilen hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň milli gymmatlyklary wagyz etmekde möhüm waka bolandygyny nygtady. Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi Türkmenistanyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň görkezijisidir.
Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara alyp barýan işlerine hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан