Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşýar, 2024-nji ýylyň 26-njy noýabry, Arkadag şäheri, Türkmenistan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy hem-de ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik desgalaryna bölünip berlen ýerleri synlady hem-de ulanyljak bezeg serişdeleri we täze gurluşyklaryň meýilnamalary bilen tanyş boldy. Gurluşyk işleriň hiline we desgalaryň şäher gurşawyna sazlaşykly utgaşmagyna, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Arkadag şäheriniň döwlet muzeýi, awtomobil menzili beýleki gurluşyk desgalary hödürlenen taslamalaryň hataryndadyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy birnäçe belliklerini we düzedişlerini girizip, Döwlet muzeýiniň sergi zallarynyň türkmen halkynyň baý taryhyny we Arkadag şäheriniň gazananlaryny şöhlelendirmelidigini aýtdy.

Iş maslahatynda gurluşyk depgini hem-de Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl ýaly öňde boljak baýramlaryň şanyna guraljak dabaralara taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow çäreleri ýokary guramaçylyk derejede geçirmegiň we onuň çäklerinde täze göçüp gelenlere öýleriň açarlarynyň dabaraly gowşurylmagynyň möhümdigini belledi.

Milli Lider şeýle hem Akhan hem-de Köpetdag şaýollarynyň çatrygynda gurulýan aýlaw ýoluna hem baryp gördi. Bu ýerde alnyp barylýan işleri synlap, Gurbanguly Berdimuhamedow nurana geljege bolan ynamly gadamlary alamatlandyrýan bu ýadygärligi “Taýçanak” diýip atlandyrmagy teklip etdi. Halk Maslahatynyň Başlygy gurluşykda ulanylýan serişdeleriň ýokary hiliniň we ýanaşyk ýerleri gözellik taýdan abadanlaşdyrmagyň möhümdigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyklaryň ýokary depginde we halkara ölçeglere laýyk alnyp barylmagynyň, şäheriň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

 

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

2022