2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky söwda dolanyşygy 5,9 göterim ýokarlanyp, 1,3 milliard dollara ýetdi. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhaý Al-Hameli BAE-niň Milli gününiň 53 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaranyň dowamynda mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi çarşenbe güni habar berdi.
Ilçiniň bellemegine görä, BAE eýýäm gerimi boýunça Türkmenistanyň dördünji esasy hyzmatdaş ýurdy bolup durýar. Döwletler ýakyn ýyllarda özara söwda dolanyşygyny has-da artdyrmagy, häzirki görkezijini iki esse ýokarlandyrmagy meýilleşdirýärler.
BAE bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar özüniň oňyn görkezijileri we döwlet Baştutanlarynyň derejesinde geçirilýän işjeň gepleşikleriň netijesinde hemişe tapawutlanýar diýip, Ahmed Alhaý Al-Hameli aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwda dolanyşygy 1,29 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu görkeziji 2022-nji ýyldakydan 15,8 göterim ýokarydyr. Türkmenistanyň Emirliklere eksporty 13,3 göterim, BAE-den importy bolsa 16,2 göterim ösdi.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан