Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginden geçýän bölegini durmuşa geçirmegiň amaly tapgyry badalga aldy. Bu barada Owganystanyň wekili Zabihulla Mujahid mälim etdi.
“Ariana News” agentligniň sişenbe güni habar bermegine görä, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky serhetýaka çäge zerur tehniki enjamlar getirilip, bu babatdaky işler eýýäm badalga aldy.
Z.Mujahid taslamanyň dürli tapgyrlaryny ýerine ýetirmek üçin onlarça hünärmen işe çekildi. Gurluşygyň birinji tapgyry iki ýylyň dowamynda tamamlanar.
Owganystanyň wekili ýakyn wagtda “CASA-1000” ýaly beýleki möhüm energetika taslamalar boýunça işleriň hem badalga aljakdygyny belledi.
Ykdysadyýetçileriň hasaplamalaryna görä, “TOPH” taslamasynyň tamamamlanmagy müňlerçe iş orunlaryny döretmek we Owganystana ýylda bir milliard dollar möçberde girdeji getirmek bilen sebitiň ykdysadyýetine uly täsirini ýetirer. Resmi wekilleriň maglumat bermegine görä, taslamanyň gurulmagy netijesinde Owganystanda 12 müň iş orny dörär.
Uzynlygy 1 müň 821 kilometre barabar bolan “TOPH” gaz geçirijisi tutuş sebit üçin möhüm gurluşyk desgasy bolmak bilen, ýylda tebigy gazyň 33 milliard kub metrini ibermäge şert döreder.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан