Türkmenistan bilen Owganystan elektrik energiýasynyň iberilişini maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan bilen Owganystan elektrik energiýasynyň iberilişini maslahatlaşdylar
“DABS” kompaniýasynyň wekilleriniň Türkmenistanyň resmileri bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 4-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan

Owganystanyň “Da Owganystan Breşna Şerkat” energetika kompaniýasynyň Baş direktory Abdul Bari Omaryň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet ikitaraplaýyn energetika hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana sapar etdi. Saparyň barşynda Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek meseleleri, şol sanda 2025-nji ýyldaky şertler we iberiliş möçberleri maslahatlaşyldy.

“DABS” kompaniýasynyň çarşenbe güni habar bermegine görä, owgan wekiliýeti Türkmenistanyň resmi wekilleri, şol sanda “Türkmenenergonyň” we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) taslamasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler.

“DABS-yň” Baş direktory Owganystanyň energetika pudagyny ösdürmekdäki goldawlary üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, elektrik energiýasynyň durnukly iberilmeginiň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Gepleşikleriň dowamynda Owganystanyň energetika düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň geljegi, oňa maýa goýumlary çekmek hem-de sebitiň energetika taslamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Owganystan geçen ýyl Türkmenistandan 64 million ABŞ dollarlyk elektrik energiýasyny satyn aldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022