Aşgabatda “Ak ýol” şäher bazarynyň durky täzelenilen binalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýerde alnyp barlan döwrebaplaşdyryş işleri amatly düzümleriň harytlaryň giň görnüşleri bilen sazlaşykly utgaşýan döwrebap söwda toplumyna öwrüpdir. Munuň özi Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin hem özüne çekijidir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Durky täzelenilen toplumyň tutýan meýdany 10 911 inedördül metrden ybarat bolup, onda söwda nokatlaryň 284-si ýerleşýär. Barlaghanadan, iki sany garbanyşhanadan we arassaçylyk gulluklaryndan ybarat iki gatly bina ähli zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Harytlary saklamak üçin iki sany ammar we iki sany hem sowadyjy ammar göz öňünde tutulandyr.
Alyjylar we işgärler üçin amatly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berildi. Edara ediş düzümi 26 sany iş ornuny özünde jemleýär. Munuň özi bazaryň netijeli dolandyrylmagyny üpjün edýär.
Bu ýerde egin-eşikler, ter gök önümler, gury ir-ýmişler, süýji-köke önümleri ýaly harytlaryň giň görnüşleri hödürlenilýär. Täze ýyl üçin sowgatlyk harytlaryň satuwy hem ýola goýlupdyr. Gündelik we iş ýerinde geýmäge amatly deri we ýüň ýaly tebigy serişdelerden taýýarlanylan önümler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mysal üçin bagana telpekler we donlar diňe sowuk howada ýyly saklamak bilen çäklenmän, eýsem, goşmaça amatlylygy hem üpjün edýär.
Durky täzelenilen “Ak ýol” bazary diňe bir paýtagtyň möhüm ykdysady desgasy bolman, ol söwda etmek we dynç almak üçin hem belli ýerleriň biridir.