Türkmenistan bilen “Case New Holland” işewürlik hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

BT
Türkmenistan bilen “Case New Holland” işewürlik hyzmatdaşlygy giňeltmekçi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Case New Holland” halkara kompaniýasynyň işewürlik direktory Stýuart Kempbeliň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda işewürlik hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we berkitmegiň geljegine garaldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi. 

Taraplar oba hojalygy, maşyngurluşygy we gurluşyk ýaly ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. 

Häzirki zaman tehnikalaryny getirmek we Türkmenistanyň senagatyna we gurluşygyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. 

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar önümçilik kuwwatlyklary döwrebaplaşdyrmak we işewürlik ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin ýakyn ýyllarda durmuşa geçirip boljak anyk taslamalara seretdiler. 

“Case New Holland” (CNH Industrial) oba hojalyk we gurluşyk tehnikalaryny öndürýän öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň biridir. Ol 1999-njy ýylda “Case Corporation” we “New Holland” kompaniýalarynyň birleşmeginden döredildi. Onuň öndürýän önümlerine traktorlar, kombaýnlar, ekiş we gurluşyk tehnikalary girýär. Kompaniýa oba hojalygyndaky innowasion önümleri, awtomatlaşdyrylan we energiýa netijeli ulgamlary bilen bellidir. “CNH Industrial” durnukly tehnologiýalary we ýeri işlemegiň takyk ulgamlaryny işjeň ösdürýär. 

2022