Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlygy, “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň dolandyryş işleri boýunça wise-prezidenti Hiroýuki Subaýy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda H.Subaý türkmen bazarynda ýapon işewürleri üçin amatly şertleriň bardygyny nygtap, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýapon kompaniýalarynyň uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Gepleşikleriň barşynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň başlygy ýapon-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan goşandy üçin türkmen halkynyň Milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, hyzmatdaşlygy dowam etmegiň ähmiýetini belledi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi mälim edýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisiniň iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň iri ýapon kompaniýalary bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýändigi bellenildi. Himiýa we gaz pudagy şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege berk jan saglyk we öňegidişlik arzuw etdiler.