Daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti iki ýurduň gatnaşýan iri energetika, ulag we gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşmak maksady bilen Owganystana sapary amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Bu sapar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyry bolan Serhetabat-Hyrat bölegindäki we beýleki ähmiýetli desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşmagy öz içine aldy.
Wekiliýet optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Turgundy demir ýol stansiýasyndaky guryýer portunda ammar toplumynyň, Turgundy-Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyry bolan Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyklarynyň alnyp barlyşy bilen hem tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda badalga berlen bu taslamalar Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ykdysady we ulag gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.