Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) şenbe günündäki söwdalaşyklarynda bahasy 36 million 175 müň ABŞ dollaryna barabar bolan geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen az kükürtli ýakyş mazudyny satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda jemi 15 geleşik hasaba alyndy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.