2024-nji ýylyň 21-nji martynda başlanýan Eýranyň ýyl senenamasynyň ilkinji dokuz aýynda Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän Sarahs demir ýol menzili arkaly geçirilen eksport harytlarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 6 göterim ýokarlandy. Bu barada “IRNA” habarlar agentligi ýurduň Horasan sebitiniň demir ýol edarasynyň başlygy Mustafa Nasiriniň sözlerine salgylanyp habar berýär.
Demir ýol menzili arkaly eksporty, importy we üstaşyr geçirmeleri öz içine alýan halkara ýük daşamalaryň möçberi 2,2 million tonna ýetdi. Şunda esasy bölegini sement we metal gurnamalary düzýän eksport harytlarynyň paýy 840 müň tonnadan geçdi. Bu möçberiň 810 müň tonnasy Horasan-Rezawi sebitinden iberildi. Ýükleriň uly bölegi eýran wagonlaryny ulanmak arkaly Türkmenistana eltildi.
Demir ýol menzili arkaly geçirilen import harytlary hem 37 göterim artyp, 61 müň tonna ýetdi. Ýurda getirilen esasy harytlaryň hatarynda ýüplüge we oba hojalyk önümlerine aýratyn orun degişlidir.
Geçen ýylda Sarahs menzili arkaly 1,035 million tonna ýük eksport edildi.
Sarahs demir ýol menzili – bu Türkmenistanyň we Eýranyň serhet ýakasyndaky adybir şäherlerde ýerleşýän iri ulag geçiriji stansiýadyr. Ol Merkezi Aziýany Ýakyn Gündogar bilen baglanyşdyrýan halkara demir ýol gatnawlarynyň möhüm bölegidir.