Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatory bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatory bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy “Pulkowo” howa menzilinde garşylaýar, 2024-nji ýylyň 25-nji dekabry, Sankt-Peterburg, Russiýa, (Surat: Sankt-Peterburgyň hökümeti)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) resmi däl Sammitine gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine bardy.  Bu barada “Watan” habarlar gepleşigi mälim edýär.

“Pulkowo” howa menzilinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny şäheriň gubernatory Aleksandr Beglow garşylady. 

Sankt-Peterburgyň hökümetiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, gysga wagtlaýyn söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Sankt-Peterburgyň arasynda ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar. 

“Peterburg Türkmenistan bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär. Biziň gatnaşyklarymyz okgunly ösdürilýär” diýip, Aleksandr Beglow aýtdy. 

Habarda bellenilşine görä, soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Sankt-Peterburguň arasyndaky hyzmatdaşyk dürli ulgamlarda berkidildi. Peterburgly hünärmenler Aşgabadyň günortasyndaky ýol düzümleriniň gurluşygyna işjeň gatnaşyp, geçelgeleri, köprüleri, aýlawly ýollary öz içine alýan jemi 25 taslamany durmuşa geçirýärler. 

Hyzmatdaşlyk energetika pudagyny hem öz içine alýar. “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy Russiýanyň “Silowyýe maşiny” kompaniýasy bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýär. 

Medeni we bilim gatnaşyklary hem ösmegini dowam edip gelýär. Geçen okuw ýylynda Türkmenistandan iki müňe golaý talyp Peterburgyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edildi. Munuň özi rus bilimine gyzyklanmalaryň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. 

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) resmi däl Sammiti çarşenbe güni Sankt-Peterburg şäherinde öz işine başlady. Çärä Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýar. 

2022