Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Täze ýyl mynasybetli birnäçe ýurtlaryň Baştutanlaryndan gutlag hatlary gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Gutlag hatlaryny iberenleriň hatarynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, HHR-iň Başlygy Si Szinpin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba we onuň maşgalasy hem-de Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bar.
Döwlet Baştutanlary özleriniň hatlarynda 2024-nji ýylda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösendigini, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň möhüm ähmiýetini bellediler. Olar strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, Serdar Berdimuhamedowa 2025-nji ýylda berk jan saglyk, döwlet işinde üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.
Döwlet Baştutanlary bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalarda uly üstünlikleriň gazanylandygyny we netijeli ösdürilýändigini bellediler. Sebitde özara hyzmatdaşlyga we durnuklylyga ýardam edýän söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we diplomatik gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn üns berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilowdan gutlag haty gelip gowuşdy.
Türkmenistan, Aşgabat ş., Atatürk köçesi 61