Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa dürli ýurtlaryň ýolbaşçylaryndan Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
Gutlag hatlaryny iberenleriň arasynda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, BAE-niň Prezidenti Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem-de Russiýanyň, Gyrgyzystanyň we beýleki döwletleriň ýolbaşçylary bar.
Döwlet ýolbaşçylary özleriniň hatlarynda 2024-nji ýylda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilendigini, strategik gatnaşyklary berkitmegiň möhümdigini bellediler. Olar özara hormata we dostluga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Döwletleriň ýolbaşçylary Serdar Berdimuhamedowa işlerinde üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa 2025-nji ýylda parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.
Türkmenistan, Aşgabat ş., Atatürk köçesi 61