Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi. Oňa Mejlisiň Başlygy we Ministrler Kabinetiniň agzalary gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Mejlisiň başynda Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri ýetip gelen Täze ýyl bilen gutlady we üstümizdäki ýylyň Türkmenistan üçin ösüşiň we abadançylygyň ýyly bolmalydygyny belledi. Şeýle hem diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary döwletlerde geçiriljek çäreleriň möhüm ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji syýasatyny we BMG tarapyndan goldanylan başlangyçlary şöhlelendirýän halkara çäreleri guramaga aýratyn üns berildi. Ýokary derejeli çäreleri geçirmek, şanly sene mynasybetli ýadygärlik medaly we sowgatlary, medeni dabaralaryň maksatnamalaryny taýýarlamak hem-de Aşgabadyň gurluşyk we abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak toparyň esasy wezipeleriniň hataryndadyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow ähli çäreleriň üstünlikli geçirilmegini üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlar, şol sanda BMG bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmelidigini belledi. Mejlisiň çäklerinde çäreleriň guramaçylyk, maliýe, ylmy we medeni forumlary geçirmek meselelerine garaldy.
Mejlisiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, kesgitlenen ähli meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini nygtady we geçiriljek dabaralaryň halkara giňişlikde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilmelidigini belledi.