Türkmenistanyň DIM-i Aşgabatda Jimmi Karteri hatyralamak çäresine gatnaşdy

BT
Türkmenistanyň DIM-i Aşgabatda Jimmi Karteri hatyralamak çäresine gatnaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri matam kitabynda ýazgy galdyrýar, 2025-nji ýylyň 9-njy ýanwary, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Jimmi Karteriň aradan çykmagy zerarly duýgudaşlyk bildirmek üçin ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi habar berýär.

R.Meredow amerikan Liderini hatyralamak isleýän her bir adam üçin açylan matam kitabynda ýazgy galdyrdy.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy aradan çykan ozalky Prezidenti hatyralamaga hepdäniň dowamynda gelen ähli adamlara hoşallyk bildirdi.

ABŞ-nyň 39-njy Prezidenti 2024-nji ýylyň 29-njy dekabrynda 100 ýaşynda aradan çykdy. Şunuň bilen baglylykda, ABŞ-da milli matam yglan edildi, 9-njy ýanwarda bolsa Waşingtonda Jimmi Karteri döwlet derejesinde jaýlamak çäresi geçirildi. 30 günläp ABŞ-nyň baýdagy ýurt içindäki we daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarda aşak düşürilgi ýagdaýda bolar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022