Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentligine “Yutong ZK6128HG” kysymly 700 sany awtobusy satyn almak barada Hytaýyň “Yutong Bus Сo., Ltd.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Kabul edilen çözgüt “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” we “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” laýyklykda, ýolagçylary gatnatmaklygyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Degişli resminamanyň taslamasyny hödürlän agentligiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew garamagyndaky düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek we ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak babatda alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Hususan-da, şäheriçi awtobus ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meseleler maslahatlaşylyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.