Gurluşyk serişdelerini öndürýän we üpjün edýän “Ak Gaýa” hojalyk jemgyýeti profilleriň we 60x60 sm ölçegli potolok plitalaryň önümçiligine girişdi. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesinden uzakda bolmadyk ýerde ýerleşýän kärhana sinklenen demirden profilleriň dört görnüşini çykarýar. Şolaryň arasynda diwar panelleriniň we gapy ýerleriniň ykjam we takyk ýerleşdirilmegini üpjün edýän ýeňil profiller hem bar. Şeýle hem kärhanada gipsokarton we asma potoloklar üçin “C” we “U” görnüşli profiller öndürilýär. “T” görnüşli profiller bolsa 60x60 sm ölçegli potolok plitalary üçin niýetlenendir.
Täze görnüşli potolok plitalary binalarada, edaralarda, okuw jaýlarynda giňden ulanylýar. Olaryň tehnologiýa işi bolsa gipsokartonyň iki taraplaýyn esasda hem ulanylmagyna mümkinçilik berýär.
Täze önümçilik görnüşlerini ýola goýmak üçin kompaniýa Türkiýeden getirilen döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrdy. Önümçiligiň geriminiň giňemegi kompaniýanyň alyp barýan işini ösdürmek bilen bir hatarda, ýurduň günbatar sebitiniň ilaty üçin iş orunlaryny hem döredýär.
Döwrebap kärhana her ýyl gurluşyk garyndysynyň 78 müň tonnasyny we gipsokarton serişdeleriň hem 8 million inedördül metrini öndürmäge ukyplydyr. Önümçilik ulanylýan çig malyň aglaba bölegi Akdaş şäherçesiniň golaýyndaky tebigy magdan ýataklaryndan getirilýär.
Kärhananyň ýokary hilli önümleri içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär. Taýýar önümler Russiýa, Gruziýa, Ermenistana, Gazagystana we Azerbaýjana hem eksport edilýär.
2015-nji ýylda döredilen “Ak Gaýa” hojalyk jemgyýeti asma gips potoloklaryň we profilleriň birnäçe görnüşiniň önümçiligine 2021-nji ýylda başlady. 2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Balkan welaýatynda gurluşyk garyndylaryny we gipskarton plitalary öndürýän zawod dabaraly açyldy.